7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz milli ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler
barada aýdyp, ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen
belledi.
Jemi içerki
önümiň ösüşi geçen ýyl 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1, söwdada
14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Önümleriň eksporty
2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,6 göterim ösdi hem-de 9 milliard manatdan
hem artdy.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 11 müň täze iş orny döredildi, puluň
hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy, ata Watanymyzyň
kuwwatyny we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler
ädildi, milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär.
Bulardan başga-da, ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilip, eziz Diýarymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işler edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.