milli goshun logo
Türkmenlere şan getiren Malazgirt
Türkmenlere şan getiren Malazgirt
27.07.2018 6091 Harby Taryh

Döwletiniň gündogar serhetlerinde söweşjeň türkmenleriň peýda bolmagy Wizantiýa imperatory Roman Diogen IV-ni ynjalykdan gaçyrypdyr. Rum kaýsarynyň (türkmenler Wizantiýa imperatoryny şeýle atlandyrýardylar) aladasynyň ýetik mahaly Alp Arslan Siriýa ýörişini üstünlikli amala aşyrýardy. Häzirbegjandan Siriýa tarap hereket eden Alp Arslan ýolugra Wizantiýanyň elindäki, ermeniler tarapyndan goralýan Malazgirt galasyny (bu gala Gündogar Anadolyda, Wan kölüniň golaýynda ýerleşýär) bir hüjümde zabt edipdir. Meýýafarykin (Silwan), Amyd (Diýarbekir) töwereklerini boýun egdiripdir. Alp Arslan Urfa şäherini iki aýlap gabapdyr. Galanyň häkimi 50 müň dinar töleg tölänsoň, gabawy aýryp, Halaba tarap hereket edipdir.

Roman Diogen türkmenleri öz imperiýasynyň topraklaryndan yzyna kowup çykarmaklygy maksat edinip, 1070-1071-nji ýyllaryň sepgidindäki gyş paslynda uly bir goşun toplapdyr. Onuň düzüminde Balkan yurtlaryndan hem-de Bitinýa, Kappadokiýa, Kilikiýa, Trabzon ýaly welaýatlardan esgerler toplanypdyr. Musulman we hristian çeşmelerinde bu goşunyň sany 200 müňden 600 müňe çenli aralykda diýlip görkezilýär. Bu goşun dürli halklardan düzülen eken. Bolgarlar, slawýanlar, nemesler (gotlar), franklar, ermeniler, gürjiler, hazarlar, peçenegler, uzlar (hristian oguzlar), gypjaklar Roman Diogeniň bu agyr leşgeriniň düzüminde bolupdyr. Döwrüň çeşmelerinde uzlaryň 15 müň atlysynyň wizantiýa goşunynyň esasy zarba urujy güyji bolandygy nygtalýar. Wizantiýa goşunynda agyr yükleri daşaýan 3 müň araba, köp sanly dürli görnüşli hüjüm ediş gurallary bar eken. Bu gurallaryň biri örän uly daşlary zyňyp bilýan ägirt goçak bir manjynyk bolupdyr. Ol gural 1200 kişi tarapyndan ulanylypdyr.

Wizantiýa imperatory Roman Diogen agyr goşuny bilen 1071-nji ýylyň mart aýynyň 13-inde Ystambyldan (Konstantinopoldan) ýola çykypdyr. «Seljuknama» eserinde onuň ýola çykmazdan öň Aýasofýa ybadathanasynda dini ybadatlary amala aşyrandygy aýdylýar. Imperator Eskişehir tarapdan Gyzylyrmak derýasyny geçip, Siwasa barypdyr. Siwasdan Erzuruma baransoň, 20 müň adamlyk goşunyny Gürjüstana, 30 müň adamlyk goşunyny bolsa Malazgirt we Ahlat etraplaryna yollapdyr. Olara uly goşunyň geçjek ýoluny saýlap almak hem-de azyk ätiýaçlygyny taýýarlamaklyk tabşyrylypdyr.

Soltan Alp Arslan Roman Diogeniň herekete geçen döwürlerinde Halap ilindedi. Ol Halapdan Şama tarap ugrapdyr. Orta asyr taryhçysy Ibn Esir bolsa «Kämil taryh» kitabynda soltanyň bu habary Häzirbegjanyň Hoý şäherinde alandygyny ýazýar. Soltan derhal weziri Nyzamylmülki ýanyna çagyryp, aýaly Sapariýe hatyny, çagalaryny Hemedana ýollapdyr, goşmaça kömek ibermek barada Mara habar ýetirmegi buýrupdyr.

Soltan Alp Arslan Wizantiýa goşunynyň tabyny barlamak üçin Ahlat etrabyna barlag ýörişini geçiripdir. 1071-nji ýylyň awgust aýynyň 24-nde seljuklaryň öňçi kuwwatlary-çarkajylar Wizantiýanyň öňçi birliklerini dargadypdyr. Ýesir düşen serkerde Basilakesden wizantiýa goşunynyň ýagdaýy barada gymmatly maglumatlar alnypdyr. Olja alnan uly haç öňdäki uly ýeňşiň buşlukçysy hökmünde Bagdat halyfyna gowşurmak üçin Hemedanda bolan Nyzamylmülke iberlipdir.

Söweş taýýarlyklaryny tamamlan Alp Arslan Malazgirdiň 10-12 km golaýyndaky Rahwa (Zahwa) sährasynda öz goşunynyň karargähini gurupdyr. Soltan wizantiýalylaryň orta goýup biljek iň köpsanly we soňky güýçleri bilen duşuşmak pursatynyň ýetip gelendigini duýupdyr. Roman Diogeniň Malazgirtdäki türkmenleri gysaja salandygyny eşidip, Alp Arslan ol ýere tarap hereketini çaltlandyrypdyr. Beýle çalt ýörişe agyr goşunyň ählisi ukyply däldi. Şonuň üçinem soltan ýanyna iň çakgan, ekabyr, batyr ýigitlerini alyp, ýyldyrym çaltlygynda hereket edipdir. Ol goşunynyň esasy bölegini Şamy boýun egdirmek üçin ol ýerde galdyryp gaýdypdyr. Alp Arslan seljuk goşunynda Togrul begiň döwründen bäri gulluk edýän, ýaşy bir çene baran esgerlere rugsat berip, öýlerine ýollapdyr, olaryň ýerine gujur-gaýratly ýaş esgerleri alypdyr. Elbetde, Wizantiýa imperatory bilen garşylaşanynda Alp Arslanyň esgeriniň sany 15 müňden köp bolmandyr. Emma, muňa garamazdan, goşun, «söweşde ýüz müňe taý bolan», Görogly ýaly gaýratly, gaýduwsyz ýigitlerden düzülipdir. Bu ýigitlere soltanyň daşyny gallap duran Sawtegin, Aýtegin, Taraň beg, Afşin beg, Porsuk beg, Saltyk beg, Tugak beg, Danyşmend beg, Meňňijik beg, Göwheraýyn ýaly dogumly serkerdeler baştutanlyk edipdirler.

Wizantiýa imperatory Malazgirde geleninde daş-töweregindäki depelerde türkmen esgerleriniň ýerleşendigini görüpdir we şol ýerde karargähini gurupdyr. Ol gün agşamyň garaňkylygy aralaşan badyna türkmen ýaýçylary wizantiýa goşunlarynyň üstüne ok ýagdyrmaga başlapdyrlar. Az sanly atly goşun birlikleri duşman goşunynyň saplaryna darap, duýdansyz hüjümler edip, olary was-wasy ýagdaýa salypdyrlar.

Şol günüň ertesi, 1071-nji ýylyň awgust aýynyň 26-sy güni iki goşunyň arasynda gazaply söweş bolupdyr. Bu söweş «Malazgirt meýdan söweşi» ady bilen taryha giripdir.

Garpyşmaly iki goşunyň arasynda birnäçe tapawutlar göze ilýärdi. Wizantiýa goşuny san taýdan agdykdy. Ýöne ol dürli milletlerden, tapawutly dini ynançly adamlardan, biri-birine düşünmeýän, hatda duşman bolan toparlardan düzülendi. Onuň sepiniň gowşakdygy eýýäm türkmenler bilen ilkinji çaknyşykda aýan bolupdy. Käbir serkerdeleriniň turuwbaşdan ökjäni göterip başlamagy imperatory uly alada goýupdy. Göwni iňkisden doly Roman Diogen serkerdelerine özüne wepalydygy barada kasam etdiripdir. Olara täze ýerlere häkimlik wadasyny beripdir. Wizantiýa goşunyna ýetmeýän esasy zat esgerleriň agzybirligi hem-de söweşjeň ruhudy. Alp Arslanyň goşuny, san taýdan azam bolsa, öz soltanyna wepalydy. Olaryň ählisi ölümini boýnuna alan esgerlerdi.

Duşmanyň san taýdan köplükdigi soltan Alp Arslany endişä goýupdyr. Bardy-geldi şehit düşäýse, ogly Mälik şanyň mirasdüşer bolmalydygyny aýdyp, esgerleriniň oňa wepaly boljakdygyna kasam etdiripdir.

Soltan Alp Arslan başaryp bolsa Wizantiýa bilen boljak uly çaknyşygyň öňüni almaga çalşypdyr. Şu maksat bilen Bagdat halypasynyň ilçisi bilen bilelikde öz wekili Sawtegini imperatoryň ýanyna ýollapdyr. Ilçiler imperatoryň huzuryna soltan Alp Arslanyň iki döwletiň arasynda hemişelik parahatçylygy we dostlugy ýola goýmak baradaky teklibini ýetiripdirler. Imperator Roman Diogen IV ilçiniň parahatçylyk ylalaşygy baradaky habaryny eşidende «türkmenler menden gorkýar, şonuň üçin hem maňa parahatçylyk ylalaşygyny teklip edýär» diýip düşünipdir. Taryhçy Ibn Esiriň ýazmagyna görä, imperator soltanyň ilçilerine: «Ýaraşyk Reýde (Tähranyň golaýynda awt.) baglaşylar» diýip jogap beripdir. Imperator: «Yspyhan oňatmy ýa-da Hemedan?» diýip, ilçilerden sorapdyr. Goşunynda esgerleriniň sanynyň köpdügine baýrynan Roman Diogen IV Hemedanyň sowugrakdygyny eşidensoň: «Biziň özümiz Yspyhanda, mallarymyz bolsa Hemedanda gyşlar» diýip ilçileriň üstünden gülmekçi bolupdyr. Jany ýanyp duran türkmen ilçisi oňa şeýle jogap beripdir: «Haýwanlaryňyz Hemedanda gyşlar, yöne siziň nirede gyşlajagyňyzyň bellisi yok».

Taryhçy Ibn Jöwziniň ýazmagyna görä, wizantiýa imperatory Alp Arslana şu jogaby iberipdir: «Men bu duşuşyga, örän köp pul sarp edip, köp esger ýygnap geldim. Indi şeýle sizden üstün gelýän ýagdaýa ýetenimden soň nädip yzyma gaýdaýyn. Örän giç!... Parahatçylyk ylalaşygy diňe Reýde baglaşylyp bilner. Men Yslam ülkelerine hem öz ülkäme häkim bolşum ýaly häkim bolmak umydymdan el üzmerin».

Malazgirt meýdanynda boljak söweşiň tutuş yslam dünýäsi üçin ähmiýeti uludy. Bu söweşde gazanyljak ýeňiş türkmenler üçin bol suwly, otlagly, ýaýlagly, hemişe gök öwsüp duran jenneti mekanyň Anadolynyň derwezelerini hemişelik açjakdy. Bagdat halypasy yslam dininiň wepaly goragçylary bolan türkmenleriň bu söweşde ýeňiş gazanmagyny dileg edip, ähli metjitlerde doga edilmegini emr edipdir.

Söweş bolmazyndan bir gün öň, agşamara seljuk goşunynda duşmany dowla düşürmek niýeti bilen uzyn gijeläp mehterler bilen boru, dowul, nagara we beýleki saz gurallarynda söweş sazlary çalnypdyr. Ertirki ýeňiş üçin dogalar okalypdyr.

1071-nji ýylyň tomsy. Türkmen ýyl hasaby bilen awgust aýynyň 26-sy, hepdäniň Anna güni. Beýik soltan Alp Arslan esgerlerini toplap, juma namazyny kyldy. Allatagala doga edipdir: «Ýa rebbim, seni özüme wekil edýärin, beýikligiň öňünde başymy egýärin hem-de seniň ugruňda söweşýärin. Eý, Taňrym! Niýetim tämizdir, halysdyr, maňa kömek et, sözlerim ýalan bolsa, meni öz gazabyňa duçar eýle!». Esgerleri hem soltany bilen doga edip, «Omyn» diýipdirler. Alp Arslan namazdan soňra ak eşiklerini geýdi. Ata-babalarynyň däbine türkmen töresine laýyklykda atynyň guýrugyny elleri bilen daňyp ördi. Okuny-ýaýyny goýup, eline gylyjyny we topuzyny aldy. Segräp atyna atlanan soltan esgerlerine yüzlenip: «Eý, esgerlerim! Eger şehit bolaýsam, bu ak lybasym meniň kepenim bolsun. Şol wagt meniň ruhum göklere çykar. Mälik şany ýerime tagta çykaryň we oňa tabyn boluň. Ýeňiş gazanaýsak, öňümizde köp haýyrly günler bolar». Ýene-de esgerleriniň söweşjeň ruhuny galkyndyrmak üçin şeýle diýipdir:

«Biz näçe az bolsak bolaly, olar (wizantiýalylar) näçe köp bolsa bolsunlar, bütin musulmanlaryň metjitlerde biziň üçin doga edilýän şu pursadynda özümi duşmana garşy söweşe oklaýaryn. Ýa üstünlik gazanyp, maksadyma ýeterin, ýa-da şehit bolup, jennete düşerin. Kim meniň bilen gitse, yzyma düşsün, yzyna dolanmagy rowa görenler yzyna dolansyn. Bu ýerde buýruk berýän soltan-da ýok, buýruk berilýän esger-de ýok. Alladan başga soltan ýokdur. Ähli buýruk onuň elindedir. Bu gün men edil siziň biriňiz ýaly söweşiji gazydyryn. Şonuň üçinem söweşmek üçin meniň bilen öňe gitmek-de, ýa-da aýrylyp, yza dolanmak-da siziň öz ygtyýaryňyzdadyr».

Soltanyň bu sözleri esgerlerine örän ýiti täsir edipdir. Gözlerinde söweş ody uçganaklaýan esgerleriň ählisi: «Alla şaýatdyr, emriňden aýrylmarys!» diýip gygyryşypdyrlar. Esgerleri şeýdip ruhy taýdan galkyndyrmak söweşiň ykbalyny çözüpdir.

Malazgirt söweşiniň öň ýanynda seljuk goşunynda bolup geçen ruhy ahwalatlar barada orta asyr taryhçysy lbn’ül-Jewzi şeýle ýazýar: «...Soltan iň soňky demine çenli söweşmeli diýen pikire geldi. Ol wezirine we goşun serkerdelerine şeýle diýip ýüzlendi: «Men bu söweşde, Allanyň razylygy üçin çydamlylyk edip, özlerini howpuň girdabyna atanlar ýaly söweşerin. Eger söweşde ýeňip ölmän galaýsam, has gowusy (Beýik Taňrydan şoňa-da garaşýaryn), eger tersine bolsa, onda oglum Mälik şany diňlemegiňizi we ony meniň ýerime geçirip, hökümdar hökmünde tanamagyňyzy wesýet edýärin. Has öň muny onuň özüne duýduryp, maslahatlar beripdim». Serkerdeler «gulluk» diýip jogap beripdirler».

Türkmen goşunynyň söweşe taýýarlanýan pursatynda Wizantiýa goşunynda dini dabaralar geçirilipdir poplar ellerindaki haçlary bilen esgerleri ruhlandyrmaga çalşypdyrlar. Gün öýleden agansoň, iki goşun hem biri-biriniň garşysynda söweş nyzamyna düzülipdir. Wizantiýa goşunynyň merkezinde imperatoryň özi, sol ganatda ýerleşen Anadoly birliklerinde Kappadokiýaly Aleates, sag ganatdaky Rumeli birliklerinde Nikephoros Brýennios, yzdaky kömekçi kuwwatlaryň başynda bolsa Andronikos durupdyr.

Bu söweşiň geçen wagtynda bütin musulman äleminde soltan Alp Arslanyň ýeňşi üçin halypa tarapyndan iberilen hutbalar metjitlerde okadylypdyr. Söweşde ýekeje türkmen esgeri hem öz hökümdaryny taşlap gitmändir. Soltan Alp Arslan Türkmen üstüne ak reňkli egin-eşikler geýnip: «Bu meniň kepenim bolsun» diýipdir. Wepadar dosty bolan atyna hem ak ýapynja ýapypdyr. Şehit bolup ýykylan ýerinde gömülmesini isläpdir. Soňra bolsa özüniň ýönekeý bir esgerdigini görkezmek üçin asylzadalyk, hökümdarlyk alamatlarynyň biri bolan, gymmat bahaly bezelen altyn ýaýyny we oklaryny taşlap goýberipdir, biline gylyjyny dakypdyr, eline topazyny (käbir edebiýatlarda gürzüsini) alypdyr. Atynyň guýrugyny örüp daňypdyr.

Soltan Alp Arslan öz goşunyny dört bölege bölüpdir. Özi az mukdardaky atlylar bilen bilelikde merkezi bölege baştutanlyk edipdir. Goşunyň esasy bölegini tutýan iki bölegini sag we çep ganatlaryny golaýdaky depeleriň aňyrsynda bukuda ýerleşdiripdir. Has uzagrakda ýerleşen dördünji zarba urujy bölüm bolsa duşman gabalyp, duzaga düşürilensoň ony çym-pytrak etmelidi. Okçularyň goldawy astynda türkmen goşunynyň merkezdäki zarba urujy bölegi Wizantiýa goşunyna tarap okdurylypdyr. Şeýlelikde, döwrüniň iň uly jeňleriniň biri, Malazgirt meýdan söweşi başlanypdyr. Kös, boru, dowul ýaly söweş saz gurallarynyň galmagaly astynda türkmenler «Alla!» diýip, duşmanyň üstüne at goýupdyrlar.

Alp Arslan Malazgirt söweşinde duşmanlaryna garşy türkmenleriň «Gurt oýny», «Ýarymaý» söweş tilsimlerini ulanypdyr. Goşunynyň az sanly öňçi kuwwatyny duşmanyň üstüne sürüpdir. Türkmenler pahna şekilinde bir zarbada duşman goşunynyň arasyna giripdirler. Soňam ýalandan ýeňilýän, gaçýan ýaly görnüş döredip, yza çekilipdirler. Bu yza çekilmäni garşydaşynyň ýeňlişi hasap eden Wizantiýa goşuny olary kowalap, Alp Arslanyň öňden bukuda goýan güýçleriniň duzagyna düşüpdir. Seljuk türkmenleriniň goşunynyň sag we çep ganatlaryndaky güýçleri ýarymaý şeklinde wizantiýa goşunynyň töweregine aýlanypdyrlar. Taraň begiň bukudaky güýçleri bolsa gabaw halkasyny has daraldyp, wizantiýalylaryň ýeňse tarapyndan hüjüme geçipdirler. Bukudaky seljuk türkmenleriniň harby bölümleri Wizantiýa goşunyny çar tarapdan gysaja salyp, onuň üstüne umumy hüjüme geçipdirler. Imperator Roman Diogen şol kowalap gidişine agşam ýakynlaşanda öz ýalňyşyna düşünipdir we esgerlerine yza çekilmäge buýruk beripdir.

Söweşiň gazaply gidýän pursatynda, duşmanlarynyň öz ene dillerinde gürleşýändiklerini eşiden, Wizantiýa goşunynyň sag we sol ganatlarynda ýerleşen Tamyş begiň baştutanlygyndaky peçenegler we isaýyçylyga uýýan türkmenler bolan uzlar seljuk türkmenleriniň tarapyna geçipdirler. Muny gören Wizantiýa goşunynyň arasyna dowul düşüp, bozguna ugrapdyr. Söweşiň jygba-jygbaly pursatynda Wizantiýa goşunynyň ýardamçy kuwwatlarynyň baştutany Andronikos Dukas imperatoryň ölendigini yglan edip, söweş meýdanyny taşlap gidipdir. Ermeni güýçleri hem uruşmagyny bes edipdir.

Soltan Alp Arslan bolsa söweşiň gidişini öz gözegçiliginde saklaýardy. Güyçlerini paýlap, olary gerekli ýerine ugradýardy. Özi hem gylyjyny syryp, söweşe girýärdi. Serkerdesi Aýtegin bolsa soltanyň öňünde başyny egip, oňa öz janyny goramagy towakga edipdir. Gün batýança söweşiň ykbaly çözülipdir. Wizantiýa goşuny agyr ýeňlişe sezewar bolupdyr. Ibn Esiriň ýazmagyna görä, söweş meýdany öldürilenleriň jesetlerinden dolupdyr Imperator Roman Diogeni Şady atly türkmen ýigidi ýesir alypdyr. Şady Alp Arslanyň ilçileri bilen gidip, imperatoryň huzuryna baran türkmen esgerleniň biri bolupdyr we ony tanapdyr.

Soltan Alp Arslan huzuryna getirilen ýesir imperator Roman Diogeni uly merhemetdir sarpa bilen garşylapdyr. Ondan näme üçin ilçi iberip, ýaraşyk baglaşmakçy bolanynda bu teklibi ret edendiginiň sebäbini sorapdyr. Imperator oňa: «Men kysmatyma kaýyl, maňa artykmaç azar berip zat sorap durma-da, isläniňi et!» diýip jogap beripdir. Soltan ondan: «Eger men saňa ýesir düşen bolsam, näme ederdiň?» diýip sorapdyr. «Duşmana näme edilýän bolsa, şony ederdim, öldürerdim» diýip imperator jogap beripdir. Alp Arslan imperatora: «Men seni näder öýdýärsiň?» diýip ýüzlenipdir. Imperator oňa: «Meni öldürersiň ýa-da ýeňşiňi ile ýaýmak üçin boýnuma zynjyr urup, musulman ülkelerine aýlarsyň. Üçünjisini aýtmaga bolsa dilimem baranok» diýipdir. Alp Arslan imperatora: «Aýt, kaýsar, çekinme» diýipdir.

Roman Diogen Alp Arslana: «Meni tagtyma oturdarsyň, menden saňa dostluk galar, ýyllyk bergimi ödärin, saňa tabynlykda galaryn. Islän wagtyň atlylarym bilen sana kömege ýetişerin. Meni öldüräýseňem saňa peýda bolmaz. Ýerime başga birini imperator goýarlar, o-da saňa duşman bolar» diýip jogap beripdir. Soltan Alp Arslan oňa: «Hawa, men hut şony hem etmekçi bolýaryn!» diýipdir. Imperatoryň söweş mahalynda ulanan tagtyny öz tagtynyň gapdalynda goýup, ony tagtynda oturdypdyr. Ýewropada ýesir düşenleriň zynjyr bilen urlup, zyndanlara taşlanýan zamanynda Alp Arslan türkmen hökümdaryna mahsus adyllygyň, merhemetliligiň, geçirimliligiň ajaýyp nusgasyny görkezipdir Roman Diogeni ýesirlikden boşadypdyr. Ýesir alynan esgerler hem boşadylyp goýberilipdir. Iki hökümdaryň arasynda ýaraşyk barada ylalaşyk baglaşylyp, oňa laýyklykda imperator bir ýarym million dinar öweztölegini tölemelidi. Ol Beýik seljuk türkmen döwletine her ýylda 360 müň altyn dinar tölemäge borçlanypdyr. Wizantiýanyň çäklerinden ähli musulman ýesirler boşadylmalydy, zerur halatynda imperator soltana goşun ýollamalydy. Malazgirt, Urfa, Membiç, Ahlat, Antakýa etraplary seljuklaryň eline geçmelidi. Roman Diogen Alp Arslana bu şertleri ýurduna gaýdyp baryp, tagty eýeläninden soňra ýerine ýetirjekdigini duýdurypdyr.

Soltan Alp Arslan Roman Diogeni bir hepdeläp aýratyn çadyrda myhman alansoň, watanyna ugradypdyr. Ony ep-esli menzile çenli hut özi ýola salypdyr. Imperatora on müň dinar ýol harjyny hem beripdir. Ýanyna bir bölek esger goşup, ony serhede çenli ugratmagy tabşyrypdyr. Roman Diogen ýurduna baranda tagta täze geçen imperator Mihail tarapyndan tutulyp, gözleri oýulyp, zyndana taşlanypdyr. Beýik türkmen soltany Alp Arslan tarapyndan uly merhemet edilen Rum kaýsary öz ilinde gözgynylykda aradan çykypdyr.

Malazgirt meýdanynda gazanylan ýeňiş türkmenleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýypdyr. Alp Arslan bütin yslam ülkelerine ýeňiş habaryny ýollapdyr. Bagdat halypasy el-Kaim bi-emrilla iberilen habar 1071-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-nde uly märekäniň öňünde okalypdyr.

Hyýalymyzda wagtyň çarhyny 935 ýyl yza aýlalyň! 1071-nji ýyl. Awgust aýynyň 26-sy. Malazgirt meýdany. Türkmenleriň 15 müň adamly goşuny Wizantiýanyň 200 müň adamly goşunynyň garşysynda. Beýik soltan Alp Arslan namaz okap, doga kylandan soň, şehitlik kepenini geýýär. Esgerlerini söweşe ruhlandyrýar. Ata-baba aslyňa ar getirmejek bolsaň, hökman bu söweşde ýeňäýmelidi. Türkmenler bu gazaply söweşde ýeňiş gazanýarlar. Hawa, Türkmeniň Beýik ogly Alp Arslan Malazgirtde türkmeniň şanyny dünýä ýaýan soltandyr.