10.12.2019 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gran Pri ýaryşyndan altyn medal
Gran Pri ýaryşyndan altyn medal
28.05.2019 174 Sport

Fransiýanyň paýtagty Parižda maý aýynyň 24-26-sy aralygynda sambo boýunça Gran Pri ýaryşy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubyndan hem türgenler gatnaşdy. Bu ýaryşda 90 kilogram agram derejesinde öz başarnygyny görkezen «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Guwanç Begaliýew fransiýaly garşydaşy Tom Peýrarddan üstün çykyp hormat münberiniň birinji basgançagyna çykmagy başardy.

G.Begaliýew sportuň bu görnüşinden başga-da dzýudo, kuraş bilen hem meşgullanýar. Ady agzalan görnüşleriň ikisinden hem 2018-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan harby türgenimiz halkara ýaryşlarynda hem 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen sambo boýunça Aziýa çempionatynda 2-nji ýer, «Aziada 2017-de» kuraş boýunça 3-nji ýer we 2018-nji ýylda kuraş boýunça Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşynda 3-nji ýer ýaly netijeleri görkezdi.

Harby türgenimize mundan beýläk hem sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

«Milli goşun».