14-nji iýunda sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak, suw we energiýa serişdelerini aýawly
peýdalanmak, Aral hem-de Hazar deňizleriniň ekologiýa abadançylygyny gorap
saklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça başlangyçlary, ýurdumyzyň
ekologiýa syýasaty babatda ýola goýulýan çig-mal serişdelerini gaýtadan işlemek
ulgamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri barada
hasabat berdi.
TSTB-niň
agzalary ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini
gaýtadan işlemek hem-de şolardan önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri
ýola goýdular. Bu işleri dowam edip, ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we
gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksat
edinilýär.
Bu
taslamalaryň amala aşyrylmagy bir ýylda 500 müň tonna golaý zibilleri we
galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik berip, daşky gurşawyň goralmagyna
goşant goşular. Taslamalary hususy taraplaryň maýa goýumlarynyň we karz
serişdeleriniň hasabyna iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.