Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda Halkara zenanlar
gününiň giňden bellenilýän gününde häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary
halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde bolup,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni
mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji
günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramynyň — Halkara
zenanlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen
zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän
gelin-gyzlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň
döredilýändigini belledi.
Milli Liderimiz mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy,
eziz uýalarymyzy, gyzjagazlary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady
we ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak
ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendiklerini nygtady.
Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň,
maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. “Mährem enä, wepaly
ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlardan aşyp, halkymyzyň
asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynsana ýaşaýşy peşgeş
beren ene hemişe tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen
deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän
däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky
hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak
patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär” diýip, Gahryman
Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralarynyň
giňden toýlanylýandygyny belläp, Milli Liderimiz bagtyýar zenanlaryň gazanylýan
ähli üstünliklere, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy aýawly
saklamakda olaryň aýratyn ornunyň bardygyny nygtady. “Döwletimiz köp çagaly
maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak
barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene
mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak
dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary
bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy
belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul
sowgatlaryny gowşurmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz
gelin-gyzlarymyzyň Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydygyny, öýlerimiziň bagt
ýyldyzlarydygyny nygtady we zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary,
işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini
tassyklady.
Milli Liderimiz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy,
gyzjagazlary, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar
güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk,
egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.
...Soňra Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul
sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan
baýramçylyk sowgatlarynyň hem gowşurylmagy bu ýerde guralan dabaranyň
ähmiýetini has-da belende göterdi.
Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň
hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş
ýörelgeleriniň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaş
nesilleriň saglygyny berkitmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykat çagalaryň we olaryň
ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan
çuňňur alkyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan
gowşurylan baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edildi.
Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti
bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.