Türkmen halky Zarina, Rodoguna, Tomaris, Türkan hatyn, Mahmelek hatyn, Melike hatyn, Sagab hatyn, Törebeg hanym, Fatima hatyn, Selime Soltanbegim ýaly taryhda edermenligi bilen dünýäni haýrana goýan merdana türkmen zenanlaryna guwanýar. Edil şonuň ýaly-da, bu günki gün olaryň döwrebap dowamatlary bolup durýan harby zenanlarymyz watansöýüjiligi bilen taryha giren şol mertebeli zenanlarymyzyň ýörelgelerini buýsanç bilen dowam etdirýärler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyna okuwa kabul edişligiň başlanmagy bilen, bu ýokary okuw mekdebine orta bilimli, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 21-den geçmedik zenan raýatlaryň hem bu ýokary harby okuw mekdebine kabul edilýänligi buýsanç bilen bellärliklidir. Ykbalyny harby ugur bilen baglan zenanlar giň aň-düşünjeli, hakyky watansöýüji bolup ýetişýärler. Munuň şeýledigini dabaraly harby ýörişlerde zenan harby gullukçylaryndan düzülen Zenanlar batalýonynyň başlaryny belent tutup, dogumly ädimleri bilen dabaraly harby ýörişleriň bezegi bolýandyklary hem aňryýany bilen tassyklaýar.
Türkmen zenanlarynyň her biri bu gün ajaýyp zamanamyzda, bagtyýar durmuşymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň zenanlara goýýan çäksiz hormaty, ýurdumyzyň abraý-mertebesi türkmen topragynda bitirilýän beýik işler bilen ganatlanýarlar. Harby gullukçy zenanlar bolsa harby edaralar ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde mynasyp zähmet çekip, türkmen zenanlarynyň dogumyny, güýç-gaýratyny görkezip, jebis türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan harby ugry ösdürmekde saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Nesip bolsa, Harby instituta täze okuwa kabul ediljek zenanlar zenan edermenliginiň dowamaty bolarlar. Biz hem mukaddes borjy birkemsiz ýerine ýetirýän zenan harby gullukçylarymyzyň işlerinde, bu mukaddes käri indi saýlajak zenanlarymyza bolsa giriş synaglarynda üstünlikleri arzuw edýäris!
«Milli goşun».