Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!
Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşýandygyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigi biziň buýsanjymyz, arzuw-umydymyz, ýagty ertirimiz bolan bagtyýar nesillerimiziň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ösdürýär. Olaryň gözýetimlerini giňeldip, düşünjelerini artdyrýar, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam berýär. Men Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şadyýan çagalary bolan siziň geljekde hem ynsan ýüregini joşdurýan şirin owazly, baý many-mazmunly täze aýdymdyr sazlaryňyz bilen ýurdumyzyň rowaçlygyna mynasyp goşant goşup, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda yhlasyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!
Bagtyýarlyk döwrüniň saýrak bilbilleri!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ähli babatda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent, eziz Watanymyzy jandan söýýän sagdyn nesillere baglydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, biz geljegimiz bolan çagalary çäksiz mähir-söýgi bilen gurşap alýarys.
Köňüllerimiziň buýsanjy bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar, şadyýan durmuşda akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüp kemala gelmegi, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döredýäris. Bagtyýar çagalygyň ýurdy — arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi bolan Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta mekdepleri, çagalar baglaryny, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini gurmakda nusgalyk işleri amala aşyrýarys.
Umumybilim berýän orta hem-de sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň, döredijilik merkezlerinde tälim alýan zehinli çagalaryň — milli sungatymyzyň ýaş höwesjeňleri bolan siziň watansöýüjiligi we ynsanperwerligi dabaralandyrýan aýdym-sazlaryňyzda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyz, ajaýyp döwrümiz, zähmetsöýer halkymyz, gözel tebigatymyz joşgunly wasp edilýär!
Siziň türkmen dutarynyň we gyjagynyň, gargy tüýdüginiňdir gopuzynyň mylaýym owazy bilen goşulyşýan joşgunly aýdymlaryňyz eziz Watanymyza, gözel tebigatymyza, mähriban halkymyza buýsanjyň, ajaýyp durmuşyň, arzyly arzuwlaryň hem-de şadyýan çagalygyň belent mukamy bolup ýaňlanýar!
Biz gözel durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalarymyzyň sowatly, edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň düşünjeli, sungata, halkymyzyň taryhyna, mukaddes topragymyza sarpa goýýan, berkarar Watanymyzy jan-tenden söýýän nesiller bolup ýetişmegi üçin geljekde hem ähli tagallalary ederis.
Mähriban körpeler!
Ylym-bilim, aýdym-saz adamzadyň gymmatly baýlygydyr. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, ajaýyp aýdym-sazlar arkaly dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen belent sepgitlere ýetýär, uly mertebe gazanýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, siz hem Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, yhlasly zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim, aýdym-saz dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalysyňyz!
Men siziň geljekde hem merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, milli medeniýetimize, şirin owazly, çuň many-mazmunly aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen agzybirligi, dost-doganlygy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygy wasp etmekde mundan beýläk-de işjeňlik görkezip, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýän nesil bolup ýetişjekdigiňize ynanýaryn!
Garaşsyz Watanymyzyň saýrak bilbilleri!
Bagtyýar körpeler!
Sizi nurana güýz günlerinde güneşli Diýarymyzyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Bäsleşikde siziň her biriňize üstünlikleriň hemra bolmagyny, geljekde berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraýyna-abraý, şöhratyna-şöhrat goşjak sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişmegiňizi arzuw edýärin!
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyz hasyl bolup, eziz Watanymyzy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän mahmal owazlaryňyz, joşgunly sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.