Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça esaslandyryldy.