17-nji
dekabrda paýtagtymyzda ýaş aýdymçylaryň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy —
2019» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze
ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.
Birnäçe
tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine
ýetirijileriň 10-sy çykdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň
barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. Şu
mynasybetli aýdym-saz sungatynyň ussatlary bir ýere jemlendiler.
Bäsleşigiň
netijesine görä, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeni miras»
fakultetiniň «Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak» hünäriniň
5-nji ýyl talyby ýaş, ýöne eýýämden meşhur ýerine ýetiriji Azat Dönmezow bu
döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» diýen adyň
eýesi boldy.
Ýeňijä «Ýylyň
parlak ýyldyzy» kubogy hem-de höweslendiriji pul sylagy gowşuryldy.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler.