Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň
arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
geçirildi. Onda ýurdumyzyň iň gowy aýdymlary üçin köp sanly teletomaşaçylaryň
beren sesleri jemlenildi hem-de ýeňijileriň atlary yglan edildi.
Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi,
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti
hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan
guralyp, oňa ýaş ýerine ýetirijiler, kalplary tomaşaçylaryň öňünde öz
ussatlyklaryny görkezmek höwesinden doly estrada aýdymçylary gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiziň, saz
sungatymyzyň ösmegine, ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna uly üns
bermegi netijesinde, olar öz zehinlerini ýüze çykarmak hem-de hünär
ussatlyklaryny artdyrmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Dokuzynjy gezek geçirilýän bäsleşik şu ýyl hem
paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli ýaşlary bir ýere jemledi.
Bäsleşigiň welaýatlarda geçirilen saýlama tapgyrlaryna halkyň içinden çykan ýaş
zehinleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy. Olaryň köpüsi ýylyň dowamynda
ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere we festiwallara gatnaşyp, tejribe
toplan aýdymçylardyr.
Üstünlikli çykyş edip, aýdym aýtmak ussatlygyny görkezmegi
başaran ýaşlar nobatdaky tapgyra ýollanma aldylar hem-de “Türkmen owazy”
teleradioýaýlymynyň sazly gepleşiklerinde çykyş etmek mümkinçiligine eýe
boldular. Bäsleşigiň bu tapgyrynda olaryň ussatlygy köp sanly
teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň beren sesleriniň — SMS habarnamalarynyň
üsti bilen kesgitlenildi.
Şu ýyl bäsleşigiň çäklerinde Alp Arslan adyndaky milli drama
teatrynda ata Watanymyza, ýakynlaryňa bolan söýgi, halk arasynda meşhur,
köpleriň höwes bilen aýdýan aýdymlary, özboluşly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Aýdym-saz bäsleşigi dostlaryň duşuşygyna meňzäp, şonda her bir bäsleşige
gatnaşyjy öz bäsdeşini goldady we üstünlik arzuw etdi, tomaşaçylar bolsa çykyş
edenleriň her birini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Bellenen şertler boýunça ýerine ýetirilen çykyşlar
tamamlanandan soň, ses sanamak başlandy. Şonuň netijeleri boýunça döredijilik
bäsleşiginiň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen hormatly derejä ýaş
ýerine ýetiriji M.Pirgulyýewa mynasyp boldy. Tomaşaçylar aýdymçynyň ussatlygyna
ýokary baha berdiler, ol “Alaja” diýen aýdymyny, halk we estrada aýdymlaryny
ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardy. Aýdymçy gyza “Ýylyň parlak ýyldyzy”
nyşany hem-de höweslendiriji baýrak — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna
ýollanma gowşuryldy.
Bäsleşikde birinji orna Leýli Ökdürowa, ikinji we üçünji
orunlara bolsa Rahman Hudaýberdiýew hem-de Söhbet Kasymow mynasyp boldy. Olara
şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylara döredijilik üstünlikleri arzuw
edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
yzygiderli üns bermegi netijesinde, zehinli türkmen ýaşlarynyň öz döredijilik mümkinçiliklerini
doly açyp görkezmek boýunça ähli şertleriň bardygyny aýratyn bellediler.