milli goshun logo
Ýylyň ilkinji aýynyň makroykdysady görkezijileri
Ýylyň ilkinji aýynyň makroykdysady görkezijileri
09.02.2019 731 Habarlar

8-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Myradow şu ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, geçen döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we sebitleri yzygiderli ösdürmek hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler üstünlikli geçirildi.

Munuň şeýledigine, ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi şaýatlyk edýär. Bu görkeziji 2018-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy.

Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, umuman, garalýan döwürde önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,9 göterim ýokarlandy.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende 19 göterim artdy.

Ýylyň ilkinji aýynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdeji bölegi 1,4 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 1 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9,4 göterim köpeldi. Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, önümçilik we durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 181,6 million manada deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçilik etmek hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maliýe meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bu ulgamyň edaralarynyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bolup durýar.

Şeýle hem sanly ulgama geçmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin anyk işler ýerine ýetirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.