Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy esasynda asylly däbe öwrülen belent başly Täze ýyl arçasynyň
yşyklaryny ýakmak dabarasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň
meýdançada oturdylan iň belent arçada geçirildi. Bu ýerde Täze ýyly garşylamak
dabaralary ýaýbaňlandyrylýar.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda guralan
baýramçylyk dabaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň esasynda ýaýbaňlandyryldy.
Mälim bolşy ýaly, bu kitabyň ady tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň baş şygaryna
öwrüldi.
Meýdançada iki tarapynda milli binagärlik ýörelgeleri
esasynda bina edilen diňiň şekili janlandyrylyp, onuň üstünde “2019” belgileri
dürli öwüşgin bilen ýalpyldaýar. Birnäçe yşyklandyryjylaryň kömegi arkaly
türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň we Täze ýylyň nyşanlary ajaýyp
sazlaşygy emele getirýär.
Akpamyk we onuň birek-birege gowşup, bagtyýar
görnüşdäki doganlary bar. Olaryň ýanynda juwan gyzlar topary halk saz
gurallarynda çykyş edip, ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirýärler. Şeýle hem häzirki
zaman ertekileriniň we multfilmleriň gahrymanlary çagalara şatlyk paýlaýar.
Ak öwüşginli hem-de ýaşyl arçajyklar baýramçylygyň
esasy bezegine öwrülip, ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Meýdançanyň
merkezinde bolsa müňlerçe oýnawaçlardan we yşyklandyryjylardan bezegi ýeten
belent başly Täze ýyl arçasy seleňläp görünýär. Ol “2019” belgili sekizburçly
ýyldyz bilen birlikde beýikligi 38 metr bolan arçadyr. Dürli yşyklandyryjylar
dürli şekilleri we milli haly göllerini janlandyryp, arçanyň ägirt uly
teleekrana çalymdaşdygyny üpjün edýär.
Uzakdaky gar basan dag jülgelerinden bu ýerde guralýan
baýramçylyga Aýazbaba bilen Garpamyk howlugyp gelýär. Olaryň ýanlarynda halk
ertekileriniň gahrymanlary Mämmetjan, akylly Ahmet, Hudaýberdi batyr dagy bar.
Olar Aýazbaba dagy bilen duşuşmak üçin köpsanly päsgelçilikleri, başdan
geçirmeleri yzda goýdular. Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýurdumyzda bolup
geçen özgertmeler bilen ýakyndan tanyşmak üçin Aýazbaba öz ýoldaşlary bilen
meşhur künjeklere tarap gezelenje ugrady we bir wagtlar Türkmenistanyň
çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýadygärliklere
baryp gördi.
Ýolugra 2018-nji ýylyň şanly wakalary barada Aýazbaba
gürrüň berdiler. Tamamlanýan ýylda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň
giň möçberli sport ýaryşlary, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli
geçdi. Täze ulag gatnawlary Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýär. Şu döwürde
Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlaryň we syýahatçylaryň müňlerçesi geldi.
Olar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, parahatçylyk söýüjilik we abadançylyk
ýörelgelerine, baýramlaryna we toýlaryna uly gyzyklanma bildirýärler.
Bularyň ýoly ilki bilen Lebap welaýatynyň çägi boýunça
geçdi. Hususan-da, gadymy Horasanyň iri şäherleriniň biri bolan we Ýüpek
ýolunyň söwda çatrygynda ýerleşen Amul galasy ösen ylmy bilen şöhrat
gazanypdyr.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan kitabynda
ýazyşy ýaly, bu şäher Merkezi Aziýanyň gündogar künjeginde ýerleşen halklaryň
arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösmegini şertlendiripdir. Galanyň
eteginde guralan bazar bu ýere gelýänleri milli tagamlar bilen garşylapdyrlar.
Soňra olar häzirki Türkmenabat şäherine gelip, şu ýyl Amyderýanyň
üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda oturdylan “Ýürek
ýoly” kaşaň binanyň ýanyna geldiler. Welaýat häkimliginiň binasynyň öňündäki
esasy meýdançada myhmanlary baş arçasynyň ýanynda guralan dabara gatnaşyjylar
uly şatlyk bilen garşyladylar.
Soňra baýramçylyk kerweni Mary şäherine gelip, welaýat
kitaphanasynyň obserwatoriýasyna baryp gördüler. Bu ýerde ägirt uly teleskoplar
arkaly häzirki zaman ýyldyzy öwrenijiler uzakdaky asman giňişliginiň gizlin
syrlaryna çuňňur aralaşýarlar.
Soňra Aýazbaba we onuň ýoldaşlary uçýan halyda Ahal
welaýatynyň çägine gelýärler. Bu ýerde hormatly myhmanlary welaýatyň
döredijilik toparlary joşgunly çykyşlary, sahnalaşdyrylan oýunlary bilen
garşyladylar. Körpeler ajaýyp arçanyň daşyndan aýlanyp, şatlykly aýdymlary
ýerine ýetirdiler we ajaýyp goşgulary okadylar. Şeýlelikde, çagalar Aýazbabanyň
sowgatlaryna mynasyp boldular.
Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylar hoşniýetli arzuwlar
bilen otluda ýurdumyzyň demirgazyk sebitine ugrady. Olar welaýatyň taryhy
ýadygärlikleriniň jemlenen ýerine, “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni
goraghanasyna geldiler. Mälim bolşy ýaly bu ýer ÝUNESKO-nyň adamzadyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Taryhda şöhrat gazanan bu şäherde
Gündogaryň beýik akyldarlary al-Biruny, al-Horezmi, Abu Ali ibn–Sina dagy
döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Gadymy binagärleriň, ussalaryň, bezeg
işlerini alyp barýan senetkärleriň sungaty bu ýerde gurlan binalarda äşgär
duýulýar. Ady rowaýata öwrülen şeýh Nejmeddin Kubranyň, Törebeg hanymyň biziň
günlerimize çenli saklanan aramgähleri binagärlik babatda haýran galdyrýar. Bu
ýerde Aýazbaba we onuň ýoldaşlary dessançy bagşylaryň çykyşlaryna tomaşa
etdiler.
Soňra uçýan haly olary Hazar deňziniň ýakasyndaky
giňişlikde ýerleşýän Balkan welaýatyna tarap alyp gitdi. Olar “Bagtyýarlyk”
gämisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
açylan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna geldiler. Bu toplumyň gurlup
ulanmaga berilmegi tamamlanyp barýan ýylyň ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi.
Portuň meýdançasynda oturdylan belent başly arçanyň töwereginde şatlykly
aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýaýbaňlandyryldy. Körpe tansçylar, artistler
dürli lybaslary geýnip, şatlykly pursatlary sowgat etdiler. Aýazbaba portuň
işgärlerine Täze ýylda uly üstünlikler, bu ýerden uzak aralyga ýüzüşe gidýän
gämilere bolsa bagtly ýüzüşi arzuw etdi.
Täze ýyl ýörişine gatnaşyjylar jadyly taýajygyň kömegi
arkaly Aşgabada gelip düşdüler. Iki gatly awtobuslar kerweniniň ugratmagynda
baýramçylyk äheňinde bezelen araba dabara geçýän ýerine tarap ugraýar.
Awtobuslarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden paýtagtymyzda geçirilýän
baýramçylyga gatnaşmak üçin gelen çagalar bar. Olaryň ýoly paýtagtymyzyň esasy
ýollary bilen dowam etdi.
Paýtagtymyzyň köpsanly adamlary, aýdym we tans,
folklor toparlarynyň artistleri baýramçylyga gelýän myhmanlary uly şowhun bilen
mübärekleýärler. Çagalar döredijilik toparlarynyň artistleriniň çykyşlary bolsa
ajaýyp döredijilik sowgadyna öwrülýär.
Aýazbaba we onuň ýoldaşlary Arçabil şaýoluna gelip,
ajaýyp ahalteke bedewlerine tirkelen araba münýärler. Olar ak gar ýaly owadan
arabada “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky baýramçylyk lybasyna
beslenen meýdança gelip, ýolugrunda ajaýyp binalar toplumlaryny synlap lezzet
alýarlar.
Şeýlelik bilen baýramçylygyň esasy myhmanlary bagtyýar
çagalaryň şatlyk-şowhuna beslenen aýdymlary bilen dürli öwüşginli meýdança
gelip, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda saklanýarlar. Aýazbabany we Garpamygy
Gündogar senenamasy boýunça Täze ýyly alamatlandyrýan jandarlary şekillendirýän
lybasdaky çagalar uly şatlyk bilen gutlaýarlar. 2018-nji ýylyň we täze 2019-njy
ýylyň nyşanlary özleriniň ajaýyp goşgularyny gyşyň gahrymanlaryna bagyşladylar.
Soňra belent başly ajaýyp arçanyň ýanynda dabaraly
pursatlar, paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, çagalar we ýetginjekler köşgüniň
artistleriniň, sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň, şeýle hem Täze ýyla
döredijilik sowgatlaryny taýýarlan belli estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda
baýramçylyk dabaralaryna giň orun berildi. Olaryň hatarynda “Şatlyk”, “Ak
pamyk”, “Galkynyş”, “Gyzyl güljagaz”, “Joşgun” çagalar tans toparlary, Alp
Arslan adyndaky milli drama teatrynyň we Gurjak teatrynyň artistleri,
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň şadyýan masgarabazlary, oýunçylary, Türkmen
döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň artistleri bar.
Ähli ýerde gülki
sesleri, şatlyk-şagalaň, oýun-dabara höküm sürýär. Türkmen halk ertekileriniň
söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagynda joşgunly tanslar ýaýbaňlandyrylýar. Bu
pursatlar diňe bir çagalar üçin däl, eýsem bu ýerde guralan dabara gatnaşýanlar
üçin hem täsirli boldy. Aýazbabadan sowgatlary kabul etmek çagalar üçin has-da
şatlykly pursatlary emele getirdi.
Aýazbaba we Garpamyk ýurdumyzyň ähli körpeleriniň we
baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýanlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň tutuş halkyna Täze — 2019-njy ýyl
mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdy hem-de hemmelere bagt, jan
saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp
barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Olar çagalar hakynda
edilýän ýadawsyz tagalla, ýurdumyzda körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşine
gönükdirilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş
aýtdylar.
Bu ýere ýygnanan çagalaryň islegi we Aýazbabanyň
jadyly taýagynyň täsiri boýunça ajaýyp arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy Täze ýyl
baýramçylygynyň esasy pursatlaryny emele getirdi. Şadyýan çagalar we dabara
gatnaşyjylar arçanyň daşyndan uly şowhun bilen aýlandylar. Baş arçanyň yşyklary
bolsa göwün göteriji şekilleri döretdi.
Şu pursatda ýurdumyzyň
şäherleriniň we obalarynyň merkezi meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl
arçalarynyň yşyklarynyň ýakylandygyny, şeýlelik-de, bu pursatlaryň ýatda galyjy
wakalara beslenendigini bellemeli. Şu gün hemme ýerde goşgular okalyp, aýdymlar
aýdylyp, bagtyýar çagalaryň şatlykly dabaralary bolandygyny bellemeli.
Ýurdumyzyň Baş
arçasynyň ýanynda başlanan dabara çagalar toparlarynyň, meşhur estrada
aýdymçylarynyň gatnaşmagynda uly konsert bilen utgaşdy. Onda ýaňlanan joşgunly
aýdymlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösýän Garaşsyz Watanymyza we elbetde,
öz geljegimiz baradaky ýakymly arzuwlarymyzy baglanyşdyrýan, hemmeler tarapyndan
söýülýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy.