Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 27-nji awgustda geçirilen mejlisinde obasenagat toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli möwsümleýin işleri – güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek meselelerine garaldy.