31-nji
maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň
Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy
boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz
ýakynda Daşoguz şäheriniň merkezinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda
açylyp ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasynda bolup, bu ýerde
halkymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak,
keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdy we welaýatyň
oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere
bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.