12-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça bu forum «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen forum diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen teleköpri görnüşinde hem geçirilýär.
Foruma gatnaşanlaryň hatarynda hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiliginiň artýandygyndan habar berýär.