Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki gazanan beýik üstünliklerine
guwanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky
watançylaryň ýokary bilimli neslini ösdürip ýetişdirmek biziň baş wezipämizdir.
Milli Liderimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan
ugur alyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde çagyryş boýunça harby gulluga
çagyrylan zehinli ýaşlara harby taýýarlyklar bilen birlikde, ylym-bilim bilen
meşgullanmaga hem ähli mümkinçilikler döredilýär.
Harby wekillikler ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň
ýokary okuw mekdeplerini tamamlan zehinli uçurymlary ukyp-başarnygyna seredip,
içinde ylmy bölümçeleri bolan we kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan harby
bölümlere ýollaýarlar. Degişli harby bölümlerde okuwda tapawutlanan hem-de
ýurdumyz üçin wajyp bolan ylmy işleriň üstünde işleýän ýaşlara Watanymyzyň ylmy
ösüşlerine özleriniň mynasyp goşant goşmagyny dowam etdirmek üçin ähli şertler
döredilýär.
Şeýle bölümçeleriň biri-de Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda
ýerleşýär. Bu ýerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler harby
talyplar bilen birlikde, özleriniň ylmy gözleglerini dowam etdirýärler. Olara
institutyň Ýaş alymlar geňeşi ähli tarapdan goldaw berýär.
– Ýokary bilimi bolan çagyryş boýunça harby
gullukçylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Olaryň arasynda ýurdumyzyň ylym we
ykdysadyýet ulgamynyň ösüşlerine düýpli täsir edip biljek giň dünýägaraýyşly,
öňdebaryjy pikirli hünärmenleriň barha köpelýändigi bolsa, aýratyn guwandyryjy
ýagdaýdyr. Bu görkezijilere görä, biz ýaş zehinli alymlary çagyryş boýunça
harby gullugy geçýän döwründe ylmy döredijilik gözlegleri bilen netijeli
meşgullanmaga ýakyndan ýardam berýäris – diýip,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Ýaş alymlar
geňeşiniň başlygy kapitan Döwran Abdyrasulow gürrüň berýär.
Häzirki wagtda institutyň ylmy bölümçesiniň
mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, ylmy derňewleri dowam etdirýän harby
gullukçylaryň biri hökmünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň uçurymy, hatarçy Röwşen Çarygeldiýewi mysal getirse bolar. Ýaş
zehinli himik özüniň ylmy işiniň üsti bilen türkmen milli içgisiniň – düýe
çalynyň saklanyş möhletini has-da uzaltmagy maksat edinýär.
Ylmy iş hem-de harby taýýarlyk bilen
birlikde, harby gullukçy umumymilli we halkara ylmy bäsleşiklerine hem
gatnaşýar. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
bilelikde her ýyl geçirýän ýaş türkmen alymlarynyň taslama bäsleşigine
taýýarlyk görýär. Şeýle-de, hatarçy Röwşen Çarygeldiýew öz ylmy ýolbaşçysy
bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy žurnallarynda makalalary bilen
yzygiderli çykyş edýär.
Harby institutyň ylmy bölümçesiniň
harby gullukçylary «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde
geçirilen « Ýaş alymlar – telekommunikasiýa ulgamynda» bäsleşiginde ýokary
netijeleri gazanmagyň ussatlyk bilen hötdesinden geldiler. Sergide olar
maglumat-kommunikasion we programmalaşdyrmak ugurlary boýunça öz ylmy
taslamalaryny hödürlediler. Görkezen işjeňligi üçin harby gullukçylaryň
birnäçesi çäräni guraýjylaryň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Sanly ulgam barada aýdanymyzda, ylmy
bölümçäniň harby gullukçylary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
institutyny, Harby-deňiz institutyny hem-de Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini
birleşdirýän sanly bilim portalynyň döredilmegine we onuň işjeňligine goşant
goşýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
uçurymy çagyryş boýunça harby gullugyň hatarçysy Myrat Bekmämmedow bu maglumat
ulgamyny yzygiderli baýlaşdyrýar, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň
sapaklaryny wideo ýazgy edip, portala ýerleşdirýär hem-de özbaşdak ylmy işler
bilen meşgullanýar.
Türkmen döwlet energetika
institutynyň uçurymy, hatarçy Myratnazar Çaryýew hem sanly portalyň
ýöredilmegine uly ähmiýet berip, portal üçin zerur maglumatlary taýýarlaýar. Şol
bir wagtda, ol kompýuter platalarynyň kämilleşdirilen gurluşlaryny işläp taýýarlamagyny
dowam etdirýär, öz işiniň netijelerini bolsa, ençeme gezek ylmy sergilerde
görkezdi.
– Bize bilim derejämizi ýene-de artdyrmak
we ylmy makalalary taýýarlamak üçin baý maglumat ulgamy we kitaphana
elýeterlidir. Häzirki zaman alymlarynyň ylmy işlerinden netijeli peýdalanyp,
dünýäniň ösen ylym we tehnikalaryndan elmydama habarly bolup durýarys – diýip,
harby gullukçy aýdýar.
«Milli goşun».