milli goshun logo
Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär
Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär
25.05.2020 1016 Habarlar

23-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamasy Çaganyň irki ösüşi boýunça milli maksatnamanyň dowamy bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNISEF-niň hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatyň gün tertibine öňdebaryjy çemeleşmeleri we innowasion tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak, çagalar baglarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamagyň hem-de olarda durmuş endiklerini ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň usullaryny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler girizildi.