14-nji martda TSTB-de ýurdumyzdaky ilkinji hususy
mikrobiologiýa barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy. Onda iýmit önümleriniň
howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara ölçegler boýunça ygtyýarlylandyrmak üçin
bu önümleriň garaşsyz seljermesi geçiriler. Dabara Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň, ýurdumyzyň hususy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri,
Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde her ýylda on bir ugur boýunça ýag, süýt,
et, balyk, çörek, miwe, gök-bakja, süýji-köke we beýleki önümleriň bir ýarym
million barlaglaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Barlaghananyň hünärmenleri
tarapyndan synag barlagyndan geçirilen önümleri seçip almak, şolary halkara
talaplara laýyklykda, bellenen ýere ýetirmek, barlaglaryň kadalaşdyryjy —
tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmegini gözden geçirmek, hasabatlary
taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetiriler.
Barlaghana TSTB-niň başlangyjy hem-de goldawy bilen «Hil Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň ýardam bermeginde döredildi.