17-nji aprelde
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wideokonferensiýa
görnüşinde halkara mediaforum geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň ähmiýeti, bu derejä eýe bolnandan bäri geçen 25 ýylda toplanan
oňyn tejribe, Bitaraplygyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda gazanan üstünlikleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele
boldy.
Daşary
ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine «TАSS», «MIR» Döwletara
teleradiokompaniýasy, «NHK», «TRT AVAZ», «Chinadaily», «Ženmin Žibao»
«Аzertаj», «Anadolu Ajansy», «Arminfo», «Kazinform», «Mangistau-Media», «News
Day Georgia», «Daily Ittehad», «Business Central Asia», «Kabаr», «Psearcher»,
«Trend» halkara habarlar agentlikleri, «UzReport», «Nowosti Uzbekistana», «NEWS
ASTRO» ýaly iri habar beriş agentlikleri, «Aziýa-Kawkaz» täzelikler redaksiýasy
hem-de ençeme beýleki habar beriş serişdeleri wekilçilik etdiler.
Duşuşyga
gatnaşmaga daşary ýurtlaryň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we
professorlary, daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary
çagyryldy.
Wideokonferensiýa
gatnaşyjylaryň şeýle köp sanly düzümi dünýäde Türkmenistana uly hormat
goýulýandygyna hem-de halkara jemgyýetçiligiň türkmen bitaraplygyna uly
gyzyklanma bildirip, hoşniýetli garalýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen
bitaraplygy sebit we dünýä derejesindäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer
meseleleriň çözülmegine oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär
edýär.