milli goshun logo
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi
04.10.2018 1516 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem gün tertibine goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky wezipeler girizildi.

Ir säher bilen milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew mejlisi geçirmäge taýýarlyk görlendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dürli görnüşli harby tehnikalary synlap, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň geçirilýän ýerine baryp, Köpetdagyň eteginiň gözel tebigatyny synlady. Bu ýerleriň ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary barada aýdyp, milli Liderimiz şu künjegiň we tutuş ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Baştutany daglaryň ösümlik dünýäsiniň tapawutly aýratynlyklaryna ünsi çekip, daşky gurşawa we adam saglygyna şolaryň oňyn täsiri barada gürrüň berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi açyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän edarasynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işler, Türkmenistanda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak boýunça görlen giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça taýýarlanan meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigi kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaragly düzümleriň ähli bölümleriniň harby gullukçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra çykyş eden içeri işler ministri I.Mulikow ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň ähli düzümleriniň sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny belläp, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işiniň zerur derejede guralmagyna uly üns bermegi tabşyrdy. Ýol howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek bu edaranyň esasy wezipeleriniň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň üç çärýeginde ministrligiň alyp baran işleriniň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugry bu edaranyň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunda goşunlaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna mundan beýläk-de aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de söweşjeň taýýarlygy saklamak we milli goşunyň işgärler kuwwatyny berkitmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet önümçiligini degişli derejede guramak hem-de edara üçin ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu babatda görülýän çäreleriň baş wezipesi türkmenistanlylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybarat bolan netijeli hereket edýän kazyýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu edaranyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzda kanunçylyk-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň serhedindäki ýagdaý we 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Watan goragçylarynyň gulluk etmekleri üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.

Mähriban Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek esasy talaplaryň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bu edaranyň harby gullukçylarynyň beden we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça işleri zerur derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow garalýan döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem edaranyň işini döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek barada hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribesini we döwrebap tehnologiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz harytlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň gümrük serhedi arkaly geçirmegiň tertibiniň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belläp, degişli işleriň bildirilýän talaplara laýyklykda geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri B.Muhammedow dokuz aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk binýadyny ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler, kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň ministrligiň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belledi. Ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň bu düzümiň işiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe edaranyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelere gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň barha artýandygyny nazara alyp, borçnamalaryň birkemsiz ýerine ýetirilmegini hem-de gullugyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi esasy talaplaryň hatarynda kesgitledi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, korrupsiýa garşy göreşmek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Bu ulgamda amala aşyrylýan strategiýanyň baş wezipesi ýaramaz ýagdaýy emele getirýän şertleri ýok etmek boýunça köptaraply hem-de yzygiderli çäreleri işläp taýýarlamakdan we iş ýüzünde durmuşa geçirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz döwlet gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň ählisine olaryň möhüm we jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.