milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
16 sagat öň 22 Habarlar

Hormatly hasyl ussatlary!

Merdana gallaçy daýhanlar!

Sizi sahawatly türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasylyny ýygnap, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý etmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ata-babalarymyzyň ýörelgelerine uly sarpa goýulýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir oba hojalykçynyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Eziz Diýarymyzda gallanyň bol hasylynyň öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandy bardyr. Biz babadaýhan kesbini üstünlikli dowam etdirýän edermen gallaçylarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmegi, bereketli toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet çekip baýamagy üçin mundan beýläk hem giň mümkinçilikleri dörederis.

Edermen gallaçylar!

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy toýlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bedew bady bilen uly ösüşlere eýe bolýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we düýpli özgertmek, ony ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny düýpli özgertmekde we çalt depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Zähmetkeş halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly oba zähmetkeşleri!

Siz bereketli türkmen topragyndan bugdaýyň, gowaçanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän yhlasly zähmetiňiziň netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Häzirki döwürde ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, daýhanlary, ýer eýelerini we mülkdarlary topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde daýhanlarymyz ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýurdumyzda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, gallaçylyk pudagyny ylmy esasda alyp barmak maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň döredilmegi, bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlaryny ekmegiň ýola goýulmagy bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegine şert döretdi. Munuň özi oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda onuň gallaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ekerançylyk gadymy döwürlerden bäri gelýän asylly kesp-kär hasaplanýar. Galla bolsa halkymyzyň baýlygydyr. Şoňa görä-de, siziň köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen bugdaýyň iň soňky dänesine çenli yrýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Hormatly hasyl ussatlary!

Edermen gallaçy daýhanlar!

Ýurdumyzda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda, ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi we ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk kesp-kärini hem-de däplerini üstünlikli dowam etdirip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.