Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýär.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3
göterime deň boldy.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe
ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary
özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6
göterim köpdür. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany
269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat
desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy
meýilnama esasynda alnyp barylýar.
Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly
ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze
kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe
durnuklylygy gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler
geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly
tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi möhüm waka boldy. Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar. Şunuň bilen baglylykda,
şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri
ýokary derejede guramak üçin düýpli taýýarlyk görmeli. Şeýle hem döwletimiziň
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmeli.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk
baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky
mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň
ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle
hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň
Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli
edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini
kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny
döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk
bolar diýip hasap edýärin. Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň
syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde
uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we
olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça
degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle hem geçiriljek bu
guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň
Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Çykyşymy tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň
görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny bellemek isleýärin.
Ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň
ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça ertir,
12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrýaryn.
1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň
ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga
rugsat berýärin. Ýolbaşçylar ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilerler.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar
guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Siziň ähliňiz 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň
ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk
döwlet toparynyň mejlisine gatnaşarsyňyz. Mejlisde Birleşen Milletler
Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji
maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler. Bu halkara
maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her
kim jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmaly.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý
goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy
wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynanýaryn. Biz alyp barýan adyl «Açyk
gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis.
Men siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
(Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly)