Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla
tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy
kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy we
hemmeleri oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka
bilen gutlady.
Dabara Hökümet agzalary,
welaýatlaryň häkimleri we ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda döwlet
Baştutanymyza ýurdumyzyň ekerançylarynyň galla taýýarlamak baradaky
şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli gutlag
sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň
esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygyny
üpjün etmekden ybaratdyr.
Oba hojalyk toplumynda gazanylan
ajaýyp zähmet ýeňşiniň hormatyna geçirilen dabarada her welaýatyň ýaş wekilleri
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy edermen daýhanlaryň gazanan
ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz
Diýarymyzyň ýeten derejesini, beýik zähmet ýeňişlerini we edermen daýhanlaryň
yhlasly tagallalaryny wasp edýän joşgunly goşgularyny aýtdylar.
Oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga
we toplumyň ähli düzümlerini köpugurly esasda ösdürmäge, daýhanlaryň zähmetini
ykdysady taýdan höweslendirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň
hasabyna oba hojalyk pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige
öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar.
Soňra dabara gatnaşan çagalara
hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Arkadagly
Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ak ekin ussatlarynyň adyndan şatlykly wakanyň
hormatyna ajaýyp halyny sowgat gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynyň
ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi we daýhanlaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün
edilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegi mynasybetli çuňňur hoşallygyň
nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik
surata düşdi.
Soňra bu ýerde guralan dabara
gatnaşan Hökümet agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda gazanylan
ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, giň gerimli
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde güneşli Diýarymyzyň
ähli sebitlerinde köpugurly özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, ähli
ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda çekilýän öndürijilikli zähmetiň aýdyň
netijesidir. Ýurdumyzyň oba hojalygynda döwrebap ykdysady gatnaşyklar ýola
goýlup, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär. Sebitleriň her birinde oba
hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, däne üweýän kärhanalar toplumlary guruldy.
Önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, içerki we
daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän mukdary
yzygiderli artdyrylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren bu dabara merdana daýhanlarymyzyň
döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, oňa
özleriniň öndürijilikli zähmeti bilen jogap berýändiklerini alamatlandyrdy.
Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny tabşyran
gallaçy kärendeçiler şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip,
ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin batly depginler
bilen zähmet çekmegi dowam edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen berjaý etmekleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylarymyzy we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.