Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Mähriban halyçylar we halyşynaslar!
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli
baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyza
şatlykly habarlaryň ýene-de biri gelip gowuşdy.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda
Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl
medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji
mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk
sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek
baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
Men siziň ähliňizi bu taryhy
ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmen milli halyçylyk sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen
zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis
halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde
ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz Birleşen Milletler
Guramasy, hususan-da, Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO)
bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
ÝUNESKO bilen alnyp barylýan
hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, döwletimiziň Gadymy
Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bu guramanyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessany we «Küştdepdi» aýdym we tans
dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa
biziň başlangyjymyz bilen türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde
türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we
gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylarynyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak
hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir.
Gözelligi, nepisligi, müň dürli
öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýran edýän halylarymyzda
halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň
döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolan haly gölleri halkymyzyň
ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini, agzybirligini we jebisligini,
milletimize mahsus bolan parasatlylygy, ajaýyp sungat eserlerine bolan çäksiz
söýgini alamatlandyrýar. Olar paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde möhüm orny
eýeleýärler, bezeg nyşanlarynyň möhüm bölegi bolup durýarlar.
Häzirki döwürde halkymyzyň bütin
dünýäde meşhur bolan halyçylyk sungatyny ösdürmäge, türkmen halylarynyň iň
gadymy nusgalaryny dikeltmäge, bu ajaýyp sungaty ylmy esasda hemmetaraplaýyn
öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen halylarynyň gadymdan gelýän nusgalaryny
aýawly saklamak, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça hem zerur işler alnyp
barylýar. Halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Türkmen halylarynyň täze
nusgalary hem döredilýär. Halyçylaryň netijeli işlemekleri we dynç almaklary
üçin hem ähli zerur şertler döredilýär.
Türkmen el halylarynyň baky
gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserlerimiziň
hem türkmen milli halyçylyk sungatymyzyň gadymy däplerini dünýä derejesinde
wagyz etmek işine uly goşant bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Mähriban halyçylar we halyşynaslar!
Sizi Türkmen milli halyçylyk
sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür,
egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda hemişe üstünlik
gazanmagy arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.