Şu günler ýurdumyzyň
ýaşlarynyň durmuşynda örän tolgundyryjy, jogapkärli döwür – giriş synaglary
möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu möwsümde ýokary taýýarlykly dalaşgärleriň uly
toparynyň talyp bolmak arzuwy hasyl bolýar
Häzirki wagtda
synaglar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine
okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny
guramagyň we geçirmegiň Tertibi esasynda dowam edýär.
Okuwa kabul etmek
boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän
ýerlerinde, hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we orta
mekdepleriň mugallymlarynyň işjeň gatnaşmagynda geçirilýär. Okuw dersleri
boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda, degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli
okuw dersleri boýunça döwlet dilinde dilden kabul edilýär. Giriş synaglarynda
dalaşgärleriň zehininiň, bilim derejesiniň, gözýetiminiň we saýlan hünäri
boýunça döredijilik ukybynyň adalatly ýüze çykarylyşyna jemgyýetçilik
gözegçiligi amala aşyrylýar.
Ýeri gelende
bellesek, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk,
lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary
2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edildi, maliýe-ykdysady
ugurly we hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resmi iş
kagyzlary 14-nji iýuldan 18-nji awgust aralygynda kabul edilýär.
Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynda, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Buýrugyna
laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyby, orta hünär
okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. Täze
okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça
4 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4
taýýarlyk ugry açylýar.
Şu ýyl sanly ulgamyň
mümkinçilikleri giňden peýdalanylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan taýýarlanan dalasgar.bilim.tm web saýtynda ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerine resminamalaryny tabşyran dalaşgärleriň san maglumaty yzygiderli
mälim edildi. Onuň netijelerinden görnüşi ýaly, täze açylan Halkara
senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine hem dalaşgärleriň sanynyň köp
bolandygy aýratyn bellenmäge mynasyp.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek, meýilnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji awgusty aralygynda guralar. Biz bolsa geljekki bagt hemrasyny — söýgüli hünärini saýlaýan ýaşlara giriş synaglarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris.