milli goshun logo
Ýurdumyzda täze gurulýan binalar içerki granit we mermer bilen üpjün ediler
Ýurdumyzda täze gurulýan binalar içerki granit we mermer bilen üpjün ediler
18.04.2020 1354 Habarlar

17-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow örtgi we bezeg gurluşyk önümleriniň önümçiliginde ýurdumyzda bar bolan magdan däl materiallary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

«Gaýly», «Düzmergen» we «Şagadam» ýataklarynda ýüze çykarylan hek daşlar we bloklar «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan täzeden işlenilip, owadan daşky görnüşi hem-de ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýan ýokary hilli granit we mermer plitalary taýýarlamakda ulanylýar. Olary binalaryň içki we daşky diwarlaryny bezemekde peýdalanyp, binalaryň içki bezeginde ulanyp bolar diýip habar berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän möhümdigi barada aýdyp, senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine bar bolan kärhanalaryň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmagyň we içerki bazarda isleg bildirilýän, hili boýunça ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän gurluşyk önümlerini çykarmaga ýöriteleşen täze önümçilikleri ýola goýmagyň mümkinçiliklerini has giňişleýin öwrenmegi tabşyrdy.