Şu
günler Watanymyzda açyklyk esasynda, ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeň
gatnaşmaklarynda 29-njy martda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň
möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär.
Mälim
bolşy ýaly, öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanda täze döredilen
etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň
ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher
halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny öz içine alýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip
yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar
döwletimiziň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi
bolar.
Milli
saýlaw kanunçylygyna we tassyklanan degişli meýilnama laýyklykda, dalaşgärleri
hödürlemek işlerine ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň degişli komitetleri hem-de
raýatlar toparlary gatnaşýarlar. Saýlaw gününe çenli 25 ýaşy dolýan, soňky on
ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň
Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenip bilinýändigini, ýerli halk maslahatlaryna
we Geňeş agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 21 ýaşy dolan hem-de degişli çäkde
hemişelik ýaşaýan raýatlar bolmalydygyny bellemek gerek.
Geçirilýän
ýygnaklarda zähmeti bilen Watana wepalylygyny subut eden, ilat arasynda uly
hormata eýe bolan mynasyp raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär. Çykyş edýänler
dalaşgärleriň hünär ussatlygyny, guramaçylyk başarnyklaryny, ýokary ruhy-ahlak
häsiýetlerini belläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini giň gerimli döwlet
maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar.
Giň wekilçilik ýörelgesiniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Her bir
saýlaw okrugyna birnäçe dalaşgäriň hödürlenilmegi saýlawlaryň Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna we adam hukuklary çygrynda umumy ykrar edilen halkara kadalara
laýyklykda geçiriljekdigini subut edýär.