21-nji iýunda
sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer Ç.Purçekow elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzda halkalaýyn energiýa
ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Hasabatda
elektrik energiýasynyň öndürilişiniň hem-de eksporta iberilişiniň mukdaryny
artdyrmak, elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň
ykdysady-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Ahal — Balkan we Balkan
— Daşoguz ugurlarynda halkalaýyn ýokary woltly elektrik geçirijileriniň
gurluşygynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Häzirki wagtda bu taslamanyň
amala aşyrylmagy üçin degişli işler alnyp barylýar.
Ahal — Balkan
we Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda ýokary woltly elektrik geçirijisini
çekmek baradaky taslamanyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy
dörediler. Milli Liderimiz onuň ugrunda beketleriň, paýlaýjy transformator
bölümleriniň onlarçasynyň guruljakdygyny, elektrik geçirijileriň ýüzlerçe
kilometriniň çekiljekdigini belledi.
Şeýlelikde,
gerimi boýunça ägirt uly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda
hereket edýän elektrik üpjünçilik ulgamy doly täzeleniler. Döwlet Baştutanymyz
munuň okgunly ösýän sebitleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek
meselesini oňyn çözmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.