29-njy maýda geçirilen Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow ýurdumyzda gurluşygy
alnyp barylýan hem-de şu ýyl ulanylmaga beriljek iri önümçilik we durmuş
maksatly binalar hem-de desgalar barada hasabat berdi. Wise-premýeriň
habar berşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki
wagtda binalaryň we desgalaryň 11 müň 339-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
2019-njy ýylda
Aşgabat şäherinde Parahat ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş
merkeziniň, Lebap welaýatynda dört sany täze şäherçäniň hem-de Kerki şäherinde
howa menziliniň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze obanyň, Balkan we
Daşoguz welaýatlarynda hassahanalaryň, «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli
awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanyldy.