milli goshun logo
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
20 sagat öň 31 Habarlar

Düýn Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeler ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz gallaçylar üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini aýdyp, ekişi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň tohumlary, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary öňünden taýýar edildi.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary hem geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň döwrebap usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.