Düýn – 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin
güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy.
Asylly däbe görä, il sylagly ýaşulular
Beýik Biribardan bol hasyly dileg edip, bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler
hem-de nobaty mehanizatorlara geçirdiler. Ýurdumyzyň gallaçylary geljek ýylyň
hasyly üçin niýetlenen ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlap,
möwsüme jogapkärli çemeleşdiler. Ekişe bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri
taýýarlanyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň we döwrebap
tehnikalaryň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.