Düýn
tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga
berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz,
Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.
Hormatly
Prezidentimiz 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 25-nji martda gowaça ekişine
başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan ekişe “bismilla” bilen başlap
bermeklerini haýyş edip, edermen pagtaçy babadaýhanlara, ähli oba hojalyk
işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Halkymyzyň
asylly däbine görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan halkymyzyň
abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli
tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça
tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler.
...Ekiş
möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda aýdym-sazly dabaralar guraldy.
Olaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda
öndürilýän önümleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Welaýatlaryň aýdym-saz,
folklor-tans toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçiler üçin ajaýyp
döredijilik sowgady boldy. Bereketli türkmen topragynda düýbi tutulan täze
hasyl halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşar.