Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna
badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary
galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň
gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il
sylagly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny arzuw
edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň
işe girişmeklerine ak pata berdiler.
Galla oragyna girişilmegi mynasybetli dürli oba hojalyk,
çörek önümleri we döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdyrýan sergiler
guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-horeografik toparlary ekerançylar üçin
döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.