milli goshun logo
Ýurdumyzda ak bugdaýyň täze sortlary döredildi
Ýurdumyzda ak bugdaýyň täze sortlary döredildi
17 sagat öň 14 Habarlar

Ýurdumyzda gallaçylyk ylmyny ösdürmek, durnukly azyk bolçulygyny döretmek ugrunda amala aşyrylýan işler guwandyryjy netijelerini berýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri netijesinde, Ylmy-barlag däneçilik institutymyzyň alymlary tarapyndan güýzlük bugdaýyň bol hasylly, kesellere we zyýankeşlere durnukly «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary döredildi.

Täze bugdaý sortlary Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-tehniki geňeşi tarapyndan önümçilige ornaşdyrylmaga hödürlendi hem-de Seleksiýanyň gazananlarynyň ýurdumyzda ulanmaga rugsat edilenleriniň Döwlet sanawyna girizildi. Täze döredilen bugdaý sortlary seleksiýa ylmynda bellenilen usulyýete laýyklykda, köp ýyllaryň dowamynda institutyň tejribe meýdançalarynda, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döwlet sort synagy geçirilýän bölümlerinde önümçilik synaglaryndan üstünlikli geçdi.