29-njy
ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň
binasynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2021
— 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny ara alyp
maslahatlaşmak boýunça geňeşme duşuşygy geçirildi.
Bu çärä
BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy hanym Kristin Weýgand, dürli
ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, milli parlamentiň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşygyň
barşynda ýygnananlar düýpli ugurlar, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze
Maksatnamasyna girizmek teklip edilýän goşmaçalar bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri
tutulýan ugurlaryna esaslanýan bu resminama çagalaryň saglygy, olaryň iýmiti,
sazlaşykly ösüşi , durmuş goraglylygy, ýokary hilli bilimi, şeýle hem bu
ulgamda döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmek ýaly ugurlarda gatnaşyklary
pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Bu duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmekde teklip edilýän çemeleşmeler hakynda pikir alyşdylar.