13-14-nji maýda Parižde ÝUNESKO-nyň
ştab-kwartirasynda Halkara suw maslahaty geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Suw
hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet gatnaşdy.
Suw serişdeleriniň dolandyrylyşynyň pudagara
çemeleşmeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden
suw serişdelerini öndürmek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, suw
serişdeleriniň aýawly ulanylmagy, şeýle hem suw boýunça dürli halkara
maksatnamalarynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde ýurtlara maslahat
bermek bu maslahatyň maksady bolup durýandyr.
Maslahata 50 golaý ýurtlardan wekiller, abraýly
halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we bilermenler, suw
ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň ministrler böleginde Türkmenistanyň
wekiliýetiniň başlygy çykyş etdi, ol gatnaşyjylary biziň ýurdumyzyň suw
diplomatiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň
bu ugurdaky halkara başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da çärä
gatnaşyjylara Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyk ediji
ýurt hökmünde durmuşa geçirýän işleri we takyk hereketleri barada jikme-jik
maglumatlar berildi.
Garagum sährasynda özboluşly emeli «Altyn asyr» kölüniň döredilmegi we golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gurluşygyna badalga berilen onuň golaýyndaky durmuş infrastrukturasy hakyndaky maglumatlar aýratyn gyzyklanma bilen kabul edildi.