milli goshun logo
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
3 gün öň 87 Habarlar

Şenbe güni — 15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Duşuşykda ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýylyň Meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.