11-nji fewralda sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen
iş maslahatynda wise-premýer G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp
barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem
wise-premýer öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Yslam ösüş banky
bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler
hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
ykdysady ösüşi we uzak möhletleýin bähbitleri nukdaýnazaryndan bar bolan
meseleleriň häzirki döwürde oňyn çözülmegi ösüş strategiýasynyň möhüm
ugrudygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň ýokary ösüş depginini
saklamagyň, maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, özümizde öndürilýän önümleriň
eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri
gözegçilikde saklamak ykdysady toplumyň edaralarynyň baş wezipesidigini belläp,
wise-premýere kesgitlenen çäreleriň degişli derejede guralmagyny gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
abraýly maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Yslam ösüş banky bilen Türkmenistany
köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Ulag, ykdysadyýet,
saglygy goraýyş, bilim ugurlarynda, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran
demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy ýaly milli we halkara ähmiýetli
taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli
häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň bu öňdebaryjy bank bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Milli Liderimiz degişli resminama gol çekip we ony sanly elektron dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugradyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.