1-nji martda
geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer
G.Myradow halkara we sebit maliýe düzümleri, şol sanda hususy ulgamy ösdürmek
boýunça Yslam korporasiýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda Yslam korporasiýasynyň ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuşa geçirýän taslamalaryna maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky teklibiň gelip gowşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.