12-nji aprelda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa ýüzlenip, ýurdumyzda şu
ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri boýunça ýagdaýyň, umuman, erbet
däldigini belledi, emma heniz çözgüdini talap edýän wezipeler, şeýle hem doly
ulanylmadyk mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
maliýe-ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimizi sanly
ulgama geçirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýär. Bu işleri welaýatlarda we
etraplarda ýerine ýetirmegiň anyk maksatnamasy ýok.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilen bilelikde Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlary guramagy, ýurdumyzyň ýokary okuw hem-de orta mekdepleri üçin mugallymlary taýýarlamagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.