milli goshun logo
Ýokary tizlikli «Aşgabat — Türkmenabat» awtomobil ýoly gurlar
Ýokary tizlikli «Aşgabat — Türkmenabat» awtomobil ýoly gurlar
12.01.2019 2562 Habarlar

Düýn geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýokary tizlikli «Aşgabat — Türkmenabat» awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça hasabat berdi. Bu taslamany amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.

Umumy bahasy 2 milliard 300 million ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan taslamada awtomobil ýolunyň gurluşygyny 2019 — 2023-nji ýyllar aralygynda üç tapgyrda amala aşyrmak hem-de birinji tapgyrda Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, ikinji tapgyrda Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda, üçünji tapgyrda Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak teklip edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu taslamanyň türkmen ykdysadyýeti hem-de halkara gatnaşyklary üçin ähmiýetlidigini we onuň durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň milli maksatnamalaryny amala aşyrmaga, şol sanda ýurdumyzyň döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmäge türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi, hem-de «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakynda Kararyň taslamasyna gol çekdi.