Düýn Ahal welaýatynyň
häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň golaýynda ýokary tizlikli Aşgabat
—Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.
Awtomobil ýoly
bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz
zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat —
Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar we uzynlygy 600
kilometre barabar bolar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan
töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş
meýdançasy ýerleşer.
Awtobanyň
ugrunda derýanyň üstünden geçýän köprüleriň 4-si, demir ýoluň üstünden geçýän
köprüleriň hem 4-si, beýleki awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň
22-si gurlar. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde
tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeleriň 76-sy, suw
akabalary, zeýkeşleriň üstünden geçýän köprüler we beýleki desgalar gurlar.
Ýokary
tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy
meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň
çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy
maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym
ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden
ýoluň yzgarlygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.
Taslamanyň baş
potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň buýurmasy boýunça «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy hem-de «Hyzmat
merkezi», «Oguz ýoly», «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk
işlerini amala aşyrarlar.
Umumy bahasy
ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany durmuşa
geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda
kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge,
onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk
edýär.