5-nji aprelda Ministrler Kabinetiniň
sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradowyň milli
Liderimiziň garamagyna ýokary okuw mekdepleriniň işlerini üýtgedip gurmak
barada teklipleri hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
ýokary bilim berýän ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň, ony döwrüň talaplaryna
laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagyň ähmiýetini belledi. Bu,
öz nobatynda, giň gözýetimli, döwrebap bilimlere eýe bolan hem-de öňlerinde
goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary bilim
hünärli işgärlere bolan islegi şertlendirýär.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri gutarnykly işlemegi hem-de meýilleşdirilýän özgertmeleri nazara almak bilen, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleriň göz öňünde tutulmagyny tabşyrdy.