Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda häzirki zaman täze hünärleri talap edýän ugurlarynyň sany ýylsaýyn artýar, bu bolsa milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Ýetip gelýän okuw ýyly hem bu kadadan sowlup geçmedi. Umuman alanyňda, on iki ýokary mekdepde hünärmen taýýarlaýan okuw ugruna 32 sany täze hünär goşuldy, şu günler bu hünärler boýunça okuwa girjekler üçin olaryň gapylary açykdyr.
Bakalawrit maksatnamasy boýunça alty sany täze ugur ýurduň oba hojalygy üçin hünärmen taýýarlaýan Türkmen oba hojalyk institutynda (Daşoguz şäheri) açyldy. Hünärmenligiň täze ugurlarynyň arasynda oba hojalyk inženerligi; suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny ulanmak; ýer ulanyşygy we kadastrlar; maglumat howpsuzlygyny dolandyryş; ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalteriýa hasap ýöretmesi we audit bar.
Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inženerçilik we tehnologiýa uniwersitetinde bakalawrlary taýýarlamagyň täze bäş ugry açyldy: kartografiýa we geoinformatika; emeli akyl we hünärmen ulgamlary; maglumat goragynyň tehniki serişdeleri; innowasiýa dolandyryşy we halkara işewürlik; kompýuter lingwistikasy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetinde-de şonça täze hünär ugurlary açyldy. Bu ýerde bakalawrit ulgamy boýunça magdançylyk; standartlaşdyrmak we metrologiýa; tehnologik enjamlar we abzallar; elektrik energetikasy we elektrotehnika; işgärleri dolandyrmak ýaly ugurlarda hünärmenler taýýarlanar.
Birnäçe beýleki ýokary okuw jaýlarynda bakalawrlary taýýarlamak pudagynyň okuw meýilnamalary täzelendi. Mysal üçin, Türkmen döwlet maliýe instituty şu ugurlar boýunça işgär taýýarlar: maliýe we karzçylyk, töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi, bank işi we pul dolanyşygy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty halkara gatnaşyklary, halkara ykdysadyýeti, syýasy aragatnaşygy we internet žurnalistligini; Türkmen Döwlet Medeniýet Instituty aktýorlyk sungatyny, teleýaýlym žurnalistligini we kinorežissýorlygy, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty bolsa informatika we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, şeýle hem himiýa tehnologiýasyny öwreder.
Atlary agzaljak ýokary okuw jaýlarynyň hersinde bir täze hünär girizildi: S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda – zähmet we tehnologiýa esaslary, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda – signal ibermegiň, kabul etmegiň we gaýtadan işlemegiň radiotehniki serişdeleri, Myrat Garryýewiň adyny göterýän Türkmenistan Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa dikeldiş we sport lukmançylygy.
Türkmenistan döwlet sungat akademiýasynyň hünär taýýarlygy ulgamyna «Animasiýa we grafiki dizaýn», Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda (Mary şäheri) «maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýalary» ugurlary girizildi.