24-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet
Baştutanymyzyň döwrebap bilim alan we ýokary hünär eýesi bolan ýaşlaryň
başarnyklaryny netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleleri oňyn çözmek boýunça
beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de bu resminamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň baş maksady ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmekden hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş işgärler üçin degişli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem häzirki döwürde öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary baradaky bilim zerur bolan iş orunlarynyň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.