17-nji
iýunda Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrunda hem-de Balkan welaýatynyň
Gumdag şäherinde Dokma senagaty ministrliginiň söwda dükanlarynyň täze toplumy
açyldy.
Täze
dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli,
içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli
görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.
Dükanlarda
soňky döwürde giň meşhurlyga eýe bolan milli söwda nyşanly harytlary satyn
almak mümkindir. Olaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala», Aşgabadyň
dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly
önümleri, Marynyň «Ýeňiş» fabriginiň önümleri, Aşgabadyň panbarhat matasyny
öndürýän fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar.