Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan
soňra, duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti we
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme
bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geçirilen
gepleşikleriň jemlerini teswirläp, üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmaga
çakylygy kabul edendikleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
Ilham Aliýewe we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň
belleýşi ýaly, bu günki duşuşyk, hakykatdan-da möhüm waka bolup durýar.
Çünki gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
derwaýys meselelerine seredildi. Ylaýta-da, has wajyp syýasy-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlara degişli soraglara üns çekildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew
serhetýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigine
we ulag-kommunikasiýa özara baglanyşygyna ünsi çekip, bu ýurtlaryň
ulag-kommunikasiýa babatda özara baglanyşygy nazara alnanda,
onuň taraplara bähbit getirýändigini nygtady.
Prezident Ilham Aliýew
şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin
türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan edip, türkmen,
azerbaýjan we özbek halklarynyň mundan beýläk-de jebisleşmegine gönükdirilen
üçtaraplaýyn gepleşikleriň taryhy ähmiýete eýedigini belledi.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleriň geçirilýän ýerine ugradylar.