Düýn geçirilen
sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde saglygy goraýyş
we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň we onuň
garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri, Türkmenistanda ýokanç däl
keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça ikinji halkara
maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Dünýäniň
50-den gowrak döwletinden hünärmenleriň, Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň, BMG-niň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň
gatnaşmagyna garaşylýan forumy şu ýylyň aprelinde geçirmek meýilleşdirildi.
Ýokary derejeli maslahatyň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň
möhüm meseleleri we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça öňdebaryjy
tejribeleri alyşmak hem-de degişli ugurda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli
amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleler giriziler.