Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da
artdyrmak, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, şeýle hem
Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň,
edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ylmy
işgärleri ýokary derejede taýýarlamaga döwlet tarapyndan giňden goldaw bermek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Ylymlar akademiýasyna
Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyndan 35
000 000 (otuz bäş million) manat möçberde pul serişdelerini bölüp bermek
tabşyryldy.