Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge gönükdiren
döwlet syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň
aladalary biz ýaşlary ata Watanymyza, mähriban halkymyza, mukaddes Kasama
wepaly, päk ýürekli, ussat hünärmenler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar.
Türkmenistan –
Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
bilelikde yglan eden ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça
bäsleşiginiň jemi jemlendi. Şol bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň
Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen
aragatnaşygy guramak boýunça ofiseri leýtenant Kerim Myradow özüniň
«Harby-watançylyk terbiýesi» diýen ylmy işi bilen gatnaşyp bäsleşigiň ýeňijisi
diýip yglan edildi we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Şa serpaýyna
mynasyp boldy.
Alym
Arkadagymyzyň: «Zehinli ýaşlaryň arasynda işleri alyp barmak, täze ylymly
zehinleri ýüze çykarmak, ýaş alymlary höweslendirmek wajyp. Ýaş alymlara goldaw
bermek arkaly türkmen ylmynyň geljeginiň berk binýadyny döredýändigimizi biz
hemişe ýatda saklamalydyrys» diýip nygtap geçmegi, Watançy ýaşlary has-da
buýsandyrýar. Leýtenant Kerim Myradow ýazan ylmy işi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleniň
pugtalandyrylmagyna, Watan goragçylaryny ahlak we hukuk kadalaryny hormatlamak
ruhunda terbiýelemäge ýardam berer.
Ýaşlara
okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ylmy gözlegler, ylmy açyşlar bilen meşgullanmaga
giň mümkinçilik döreden Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent
başy aman bolsun!